Türkmenabat şäherinde Täze ýyl baýramçylyk konserti geçirildi

Türkmenabat şäherindäki «Türkmenistan» toý mekanynda welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Baýramçylyk konsertinde zehinli aýdymçylar Şirinjan Kurbanowanyň, Leýla Resulowanyň, Ata Gaýypowyň, Serdar Bazarowyň, Aýgözel Işangulyýewanyň ýerine ýetiren aýdymlary ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. «Owaz» akapella toparynyň «Sazlar çemeni» atly çykyşynda kompozitorlaryň döreden eserleri bilen birlikde halk sazlary hem ýerine ýetirildi.

Şeýle hem bu ýerde dürli saz gurallarynda belli kompozitorlaryň döreden ajaýyp saz eserleri ýaňlandy we talyp ýaşlar dürli tanslary ýerine ýetirdiler. Talyplaryň «Miras» aýdym-saz we hor toparlary hem birnäçe çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok