«FLO-da» 53% arzanlaşyk

Berkarar söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän «FLO» — daşary ýurt kompaniýalarynyň ýokary hilli brendleriniň aýakgaplaryny özünde jemleýän dükan. Bu dükanda ýylyň islendik paslynda geýmäge niýetlenen, sport, gündelik, nusgawy aýakgaplaryň ýüzlerçesi bar. «U.S. POLO Assn», «BUTIGO», «INCI», «POLARIS» we başga-da birnäçe brendleriň zenanlar, erkekler we çagalar üçin niýetlenen ýokary hilli aýakgaplary «FLO» dükanynda müşderilere hödürlenilýär.

Dükan açylan gününden bäri ähli harytlarda 30 göterim arzanlaşyk yglan edildi. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli bolsa ýene-de ähli harytlara goşmaça 23 göterim arzanlaşyk girizildi. Netijede, müşderiler bu dükandan ähli görnüşdäki aýakgaplary 53 göterim arzanlaşyk bilen satyn alyp bilerler. Şeýle-de dükanda müşderiler üçin ýene bir ýeňillik çäresi hem girizildi. Bu hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna harytlaryň öňünden töleg geçirmesizden harytlary 6 aý möhlet bilen garaşaryna satylmagydyr.

«FLO» dükanynyň müşderileri dükanda bolup geçýän täzelikler, täze gelen harytlar, geçirilýän arzanlaşyklar bilen dükanyň instagramdaky hasaby we +99364768908 nomerine birikdirilen sosial mediadaky hasaplary arkaly giňişleýin tanşyp bilerler.

Sona Halykowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok