Döwrebap bilimli – Arkadagly ýaşlar

Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň  netijesinde ösüp barýan ýaş nesli sowatly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan we erk edip bilýän hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda atalyk aladalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýär.

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe ýaşlar baradaky alada ýurdumyzda uly üns merkezinde saklanylýar. Türkmen ýaşlary bu günki gün dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okap öz bilimlerini artdyrýarlar. Gahryman Arkadagymyz  iş sapary bilen barýan ýurtlarynda ilki bilen şol ýurtda okaýan talyp ýaşlar bilen duşuşyp olaryň okuwlary, hal-ýagdaýlary bilen gyzyklanýar.  Olara okuwlaryny abraý bilen tamamlap ata Watanymyz Türkmenistanyň ykdysadyýetini, senagatyny ösdürmäge öz mynasyp goşantlaryny goşmaklaryny tabşyrýar.  Gahryman Arkadagymyz: «Ýaşlar beýik maksada – ýurdumyzy bilimler mekanyna öwürmäge gönükdirilen beýik işlere gowy okamak, döredijilikli zähmet çekmek, gurmak, döretmek, ylym-bilim dünýäsine çuňňur aralaşmak bilen mynasyp goşant goşmalydyrlar» –  diýip ýaşlaryň öňünde baş maksat goýýar.

Biziň Seýitnazar Seýdi adyndaky  mugallymçylyk institutymyzda hem talyp ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, özleriniň saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolmaklygy ugrunda uly aladalar edilýär. Şu günler institutymyzyň  5-nji ýyl talyplary nazaryýetde alan bilimlerini tejribede kämilleşdirýärler. Türkmenistan döwletimizde kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmaklygy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» ornaşdyrmak meseleleri talyplaryň gündelik geçýän sapaklarynda öz beýanyny tapyp, ýaýbaňlandyrylýar. Tejribelikde talyplar geçýän sapaklaryny okatmagyň häzirki zaman usullaryndan we innowasion tehnologiýalaryndan peýdalanyp täsirli guraýarlar. Şeýle hem okuwçylary belent  watançylyk ruhunda bilimli, giň gözýetimli, daşary ýurt dillerini suwara bilýän döwrebap ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda öz tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.  Tejribeçi talyplar diňe bir sapaklary täsirli geçmek bilen çäklenmän eýsem olar synpdan daşary terbiýeçilik çärelerini hem yzygiderli guraýarlar. Golaýda, ýokary okuw mekdebimiziň 5-nji ýyl talyplary Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebinde geçýän mugallymçylyk tejribeligi döwründe ýokary synp okuwçylary bilen «Türkmen Bitaraplygy – parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň, ynsanperwerligiň dabaralanmasydyr» ady bilen synpdan daşary terbiýeçilik çäresini guradylar.

Alym Arkadagymyzyň «Okuwçylar we talyp ýaşlar  döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň- röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere gowy okamak, çuň bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmalydyrlar» – diýen sözlerinden ruhlanyp, mukaddes Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza wepaly, ýurdumyzy gülletjek we döwletimiziň abraý-mertebesini ýokarlandyrjak  ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde öz mynasyp goşandymyzy goşarys.

Gülälek ATAKOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok