«Hasar» 200 müňden gowrak Täze ýyl sowgadyny taýýarlady

«Hasar» hojalyk jemgyýeti – çagalar we ulular üçin 200 müňden gowrak Täze ýyl sowgadyny taýýarladylar! Sowgatlarda belli «Çokomelon», «Snikers» ýaly kemputlar, içi şokoladly «Lezzet» kökesi, içi süýjüli «Desse» kempudy we marmelad bar. Täze ýyl sowgatlarynda karameliň täze görnüşleri – içi şokoladly we kofeli karamel, kofe tagamly wafli – önümçiligi şu baýramyň öňüsyrasynda özleşdirilen önümler bar. Içine dürli tagamlar bilen doldurylan «Hasar – assorti» şokoladly konfetler toplumy süýji zatlary halaýanlar üçin hakyky sowgatdyr.

«Hasar» HJ – her gün takmynan 50 tonna süýji-köke öndürýärler. Kärhanada konditer önümleriniň ýüzden gowrak görnüşi öndürilýär.

Kärhananyň önümlerini ýurdumyzyň islendik söwda nokadynda görmek bolýar. Önümler daşary ýurtlara-da iberilýär. Bu önümler daşary ýurtlara-da iberilýär. Bu kärhana 2000-nji ýyldan bäri içerki bazarda-da, daşarky bazarda-da uly abraýa eýe.

«Hasar» hojalyk jemgyýeti öňümizdäki ýyllarda konditer önümçiligini iki esse artdyrmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin Ahal welaýatynda ýene bir zawodyň gurluşygy başlandy. Bu ýerde «Mars», «Baunti», «Snikers» we beýleki halanylýan süýjüleri öndürmek üçin enjamlar oturdylar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok