Tomusda derlemeýän we gyşda bugarmaýan äýnekler oýlanyp tapyldy

Gyş paslynyň gelmegi bilen dakynylýan äýnegiň ýüzi bugarýar. Golaýda alymlar täze gözleg geçirdiler. Ýagny alymlar tomusda derlemeýän we gyşda bugarmaýan äýnekler üçin linzalary döretdiler. Juda inçe bolan bu linza gatlagy äýnekde emele gelýän derlemäniň we bugarmanyň öňüni alýar.

Gözlege gatnaşan alymlar bu nanogatlagy adaty önümçilik usullary bilen hem öndürip boljakdygyny öňe sürýärler. Alymlar linza gatlagyny döredenlerinde altynyň biraz mukdaryny goşdular. Inçe linza gatlagy bary-ýogy 10 nanometr. Bu, alýumin folga garanyňda takmynan 1600 esse inçe bolandygyny aňladýar.

Belläp geçsek, häzirki wagta çenli edilen tagallalaryň köpüsi gidrofobiki (suwdan goraýan) gatlaga gönükdirildi. Şeýle-de bolsa, bu linza gatlaklary hemişe idegi talap edýändikleri sebäpli giňden ýaýrap bilmediler.

Şweýsariýanyň Sýurih tehniki uniwersitetinde işlenip düzülen altyn örtükli nanogatlak, äýnegiň diňe 8 dereje gyzmagyna mümkinçilik berýär we daşky gurşawdan infragyzyl şöhläni özüne siňdirýär. Şeýlelik bilen, kondensasiýanyň hem öňüni alýar.

Altyn nanogatlak örtülen äýnekler bugarmanyň we derlemäniň öňüni 4 esse alyp, adaty äýneklerdäki linzalardan 3 esse gowudygy mälim edilýär. Geçirilen täze gözleg, «Nature Nanotechnology» ylmy žurnalynda çap edildi.

Gunça WEPAÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň
Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki
tehnologiýasy hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok