Türkmenistanyň ähli ýokary okuw jaýlarynyň arasynda geçirilýän Döwlet ders bäsleşikleri başlandy. Bu bäsleşige Daşoguz şäherinde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary hem gatnaşýar. Institutyň talyplary bu bäsleşige uzak wagtlap taýýarlyk gördüler we ýokary netije garaşýarlar.
Uly özgerişler Garaşsyz baky Bitarap ýurdumyzyň Bilim ulgamynda-da giň gerimde amala aşyrylýar. Sebäbi ýurdumyzyň aýdyň geljegi ýaşlaryň bilim derejesine doly bagly bolýar.
Şol sebäpden geljekde ýurdumyzy dolandyrjak hünärmenleri ýokary derejede taýýarlamak ugrunda sanly tehnologiýalary, interaktiw usullary we okatmagyň utgaşdyrylan usullaryny ulanmak arkaly hünär bilimini berýäris.
Bu maksatlaryň çäginde Türkmen oba hojalyk institutynda we institutymyza degişli bolan okuw tejribe hojalygynda, ylmy-önümçilik merkezlerinde köpsanly işler amala aşyrylýar.
Dünýägözel ARAŞOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallymy
Teswirler