Leibniz olimpiadasynda türkmenistanly okuwçy bürünç medala eýe boldy

Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Maksat Taganow Indoneziýa döwletinde “Leibniz International Math Olympiad Challenge 2022” atly  internet halkara matematika bäsleşigi bürünç medalyna  mynasyp boldy.

2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 10-na Indoneziýa döwletinde “Leibniz International Math Olympiad Challenge 2022” atly  internet halkara matematika bäsleşigi geçirildi.

Bu abraýly bäsleşik Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanynda döredilen «Sanly çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň ýardamy bilen internet arkaly geçirilip, matematika dersi boýunça halkara bäsleşigine 24 döwletden jemi 431 zehinli okuwçylar gatnaşdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok