“Diller dostluk köprüsi” köpugurly dil çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli “Diller dostluk köprüsi” atly iki aýlyk taslamasyny yglan edip, onuň çäklerinde ýokary okuw mekdeplerinde Sözleýşi ösdürmegiň netijeli treningi” atly dilçi mugallymlaryň okatmak başarnygy boýunça bäsleşigi, “Dilleri öwretmegiň netijeliligini nähili ýokarlandyrmaly?” atly pikir çekişmesi, “Dilçi zehinleriň söhbedi”, “Dilleriň mukamy”, “Iň gowy görkezme esbap” bäsleşikleri, “Dilleri öwretmekde we öwrenmekde tejribeçi ýaşlaryň gazananlary” we “Dilleri öwretmegiň milli we halkara tejribesi” atly ylmy-amaly maslahatlar, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty bilen bilelikde gurnalan “Ülkämiň gymmatlyklary” we “Türkmenistan – ÝUNESKO: diýardan ýaýran ýollar” atly breýn-ring dünýä dillerinde gyzykly maslahatlar geçirildi.

Konsepsiýanyň kabul edilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli gurnalan bu konsert bolsa, ýaşlarda dünýä medeniýetine bolan gyzyklanmany, we uly ruhubelentligi döretdi. “Diller dostluk köprüsi” atly iki aýlygyň jemleýji dabarasynda bolsa, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan ýeňijilere diplomlar, hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. Dilçi mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň ýurdumyzda dil syýasatyny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza bolan buýsançlarydyr hoşallyklary belentden ýaňlandy.

Ogulsabyr BERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok