Arkadag şäheriniň Söwda müdiriýeti dörediler

21-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy bilen bagly ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy baradaky meseleler girizildi, aýry-aýry ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer B.Atdaýewe ilata ýokary derejede hyzmatlary guramak üçin Arkadag şäheriniň Söwda müdiriýetini döretmegi tabşyrdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok