Arkadag şäherindäki merkezi seýilgähde Wi-Fi zolagy dörediler

21-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy bilen bagly ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy baradaky meseleler girizildi, aýry-aýry ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen bilelikde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda öňdebaryjy tehnologiýalary, hususan-da, «akylly» öý ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Daşky eltiji sanly aragatnaşyk ulgamlarynyň işini bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, 106,5 kilometr optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy çekildi. Şeýle hem uzynlygy 259 kilometr bolan içerki aragatnaşyk ulgamlary çekiler. Bu tehnologiýanyň işe girizilmegi bilen, edaralara we ýaşaýyş jaýlaryndaky her bir öýe optiki-süýümli ulgam çekiler, munuň özi şol bir wagtyň özünde ýokary tizlikli internet, IP telewideniýe hem-de telefon ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berer. Bulardan başga-da, ýokary hilli öýjükli aragatnaşyk hyzmatyny hödürlemek maksady bilen, 3G we ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän 4G enjamlar toplumy gurnalyp, işe girizildi. Gurulýan desgalarda «akylly» şäher we «akylly» öý hyzmatlaryndan uzak aralykdan peýdalanmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman tehnologiýasy işe girizildi.

Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwereginde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin «akylly» wideogözegçilik ulgamlary, awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny üpjün edýän döwrebap ýolyşyklar, agyz suwuny we tebigy gazyň sarp edilişini ölçeýji ulgamlar gurnalar. Merkezi seýilgähde Wi-Fi zolagy dörediler. Edara-kärhanalarda elektron resminama dolanyşygy ulgamy ornaşdyryldy, e.gov.tm döwlet hyzmatlary saýty welaýat merkeziniň portalyny açýar. Munuň özi ýaşaýjylara onlaýn hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berer. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, sanly ulgamlary dolandyrmak boýunça hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok