Türkmenistanlylara Täze ýyl sowgady! Daşary ýurtly aýdymçylar konsert berer!

Ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurtly meşhur estrada aýdymçylary konsert berer. Bu ildeşlerimize Täze ýyl baýramçylygyna uly sowgat bolar.

Daşary ýurtly meşhur estrada aýdymçylarynyň konserti aşakda görkezilen senelerde geçiriler:

25.12.2022 ý. Russiýanyň estrada aýdymçysy Nýuşa Şuroçkina, 15:00;
25.12.2022 ý. Russiýanyň estrada aýdymçysy Dima Bilan, 19:00;
26.12.2022 ý. Türkiýäniň estrada aýdymçysy Irem Deriji, 15:00;
26.12.2022 ý. Türkiýäniň estrada aýdymçysy Mustafa Sandal, 19:00;
27.12.2022 ý. Russiýanyň estrada aýdymçysy «Jony» lakamy bilen tanalýan Jahid Afrail ogly Hüseýnli, 19:00.

Petekler şu gün ýagny 21-nji dekabrda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynyň kassasynda satuwa çykarylar. Giriş tölegi bir adam üçin 100 manat.

Petekler bilen baglanyşykly maglumatlary aşakda görkezilen telefon belgilerine jaň edip öwrenip bilersiňiz!:

(+993 12) 21-26-58.
(+993 12) 21-26-74.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok