Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Tüwi öndürýän kärhanasynyň tohum arassalaýan bölüminde geljek ýylyň ekişi üçin 1782 tonna arassa şaly tohumyny taýýarlamak maksat edinilýär. Bu barada Dashoguz.live saýty habar berýär.
2015-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky Tüwi öndürýän kärhana döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan kärhanada işçi-hünärmenleriň 140-sy zähmet çekýär we işler gije-gündiziň dowamynda 3 çalşykda alnyp barylýar.
Barlaghananyň işgärleri Döwlet Garataýew, Nazar Sopyýew, Baýram Altybaýew dagylar öndürilýän önümi hil barlagyndan geçirýär.
Şeýle-de kärhananyň hünärmenleri Döwletmämmet Koşaýew, Ýaňyl Aşyrowa, Ejebaý Rahymowa dagy hil kesgitleýjigine jogap berýärler.
Myradow Pirmuhammet
Türkmen Oba-hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby
Teswirler