Ilat ýazuwy barada tanyşdyryş animasiýa we wideolary taýýarlandy

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ilat ýazuwy hakyndaky düşündirşli wideoýazgylary çykardy. Haýran galdyryjy gysga animasiýa şekilleri we wideo ýazgylary ilat ýazuwynyň öňdebaryjy monitoring barlagy hökmündäki ähmiýeti barada gürrüň berýär, onuň maksatlary we wezipeleri,durmuşa geçirmegiň tertibi bilen tanyşdyrýar.

Ilat ýazuwyny öz wagtynda talaba laýyk alyp barmak biziň ýagny statistika işgärleriniň öňünde durýan wezipedir.

Dünýädäki iň iri guramalaryň biri hasaplanýan BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň Demografiki statistika bölüminiň başlygy Serjan Mirkiçiň ýolbaşçylygyndaky hünärmenler biziň ýurdumyza amala aşyran iş saparynda ilat ýazuwyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda geçmegi dowam edýän ilat ýazuwyny agzybirlikde, talaba laýyk alyp barmak üçin birnäçe işler alynyp barylýar. Türkmenistanyň Statistika baradaky Döwlet Komitetiniň ilkinji gezek geçirýän sanly ilat ýazuwy ýurdymyzyň ilatynyň ýaşaýyş jaý bilen üpjünçiligini,raýatlaryň durmuş hal-ýagdaýyny,milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişini seljermek üçin möhümdir.

Maýa Hemraýewa

Çärjew etrap Statistika

bölüminiň başlygy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok