Atajan Tagan uzak ýyllardan soň ilkinji gezek münbere çykdy

Atajan Tagan «Maşgalanyň abadançylygy – döwletiň berkararlygy» atly döredijilik bäsleşiginde baş baýraga mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guramaklarynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylly,  beýik Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy, şeýle hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Maşgalanyň abadançylygy – döwletiň berkararlygy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi.

Atajan Tagan döredijilik duşuşyklarynda öz muşdaklary bilen didarlaşsa-da, metbugat hem-de telewidenýede çykyş etmekden köp ýyllar uzakda durdy. Munuň sebäbi ol köpçülikde öz  döredijilik eserleri bilen tanalmagy makul bildi. Oňa birnäçe gezek döwlet sylaglary hödürlenende-de ol özüni bulara mynasyp görmän  kärdeşlerini ugrukdyrdy. Soňky  ýyllarda bolsa hekaýalary bilen  edebi terjimeleri bilen okyjylaryň öňünde çykyş etse-de köpçülikleýin çärelere saglygy sebäpli gatnaşyp bilmedi. Bu döredijilik çäre bolsa onuň üçin  aýratyn many aňladýandygy üçin gatnaşdy.

 Atajan Tagan münberdäki çykyşynda Türkmenistanyň prezidentiniň maşgala hakyndaky edilýän aladalaryny ýatlap geçmek bilen ýaş çatynjalary gollamak hakynda edilýän uly ýardamyny şeýle hem  Gurbanguly Berdimuhamedowyň  «Türkmen Alabaýy» atly kitabyny, ýaňy ýakynda çap edilen «Ömrümiň manysy» kitabyny öňden görüjilikli pähim paýhasyny beýan edip şol kitapda  maşgala hakyndaky ene-ata bolan garaýyşlary hakyndaky eserlerini ildeşlerimize ýetirdi.

Merdan Ataýew

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok