Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde eziz Diýarymyz bu gün toý lybasynda! Çünki ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Täze ýyl baýramy uly ruhubelentlik bilen garşylanýar. Bagtyýarlyga hem üstünliklere beslenen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz hem bagtyýar halkymyzyň durmuşynda ajaýyp, şanly wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzda ähli ugurlar babatda, ylym-bilimde, sportda, medeniýetde, oba hojalyk pudagynda, saglygy goraýyşda gazanylan oňyn netijeler ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrdy. Mermer paýtagtymyz Aşgabadyň, obadyr şäherlerimiziň, barha ӧzgerýän tutuş türkmen Diýarymyzyň keşbi bu günki baýramçylyk keşbi Täze – 2023-nji ýylyň şatlyk-şowhuny, belent joşguny bolup çar tarapa şugla saçýar.
Bagtyýar halkymyz ýene-de sanlyja günden şan-şöhratly wakalary özünde jemlän, şatlyga we buýsanja beslenen 2022-nji ýyly arka atar. Garaşsyz ýurdumyzyň her bir ýyly ýaly, agzybir il-ulusymyza ýatdan çykmajak bagtly pursatlary bagyş eden bu ýyl hem taryhyň sahypasynda mynasyp orun alar. Tamamlanyp barýan ýylda amala aşyrylan beýik işler bosagada duran 2023-nji ýylda täze-täze üstünliklere badalga bolar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek we özgertmek baradaky beýik başlangyçlary Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr, döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýӧrelgesiniň durmuşa geçirilmegine biz bagtyýar ýaşlary mynasyp goşant goşmaklyga ruhlandyrýar.
Durmuşa geçirýän belent başlangyçlary bilen il-halkyny täze belentliklere alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň ynsanperwer beýik işleri kalplarda ruhubelentlik duýgusyny joşdurýar we çäksiz alkyşlarymyzy artdyrýar. Arkadagly Serdarymyzyň şeýle belent tutumlary geljek senede hem uly rowaçlyklara beslensin. Uly rowaçlyklara beslenjek Täze ýylda beýik ösüşleri, ýeňişli menzilleri maksat edinip, bagta gujak açýan ak ýollarda batly gadam bilen öňe barýan eziz Watanymyza beýik işler we rowana ýollar, şanly wakalar ýar bolsun. Täze – 2023-nji ýyl her bir maşgala ojagyna saglyk, rysgal-bereket, bagtyýarlyk hem abadançylyk getirsin! Täze ýylyňyz gutly, mübärek bolsun!
Ogulnur BÄŞIMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler