Dünýäniň gara gutusy

Alymlar köpçülikleýin ýok boluşdan soň adamzadyň soňuny nämäniň getirendigini aýtmak we dünýäde bolup geçenleri geljek nesillere ýetirmek pikiri bilen taslama gol çekdiler.

Güýçli guraklyk, esasanam buzluklaryň eremegi howanyň üýtgemeginiň iň täsirli hadysalaryndan biri bolup durýar. Bu meseleler alymlary örän oýa batyrýar. Howanyň üýtgemeginiň adamzadyň soňunyň gelmegine getirjekdigi öňe sürülýär. Netijede, alymlar adamzadyň soňunyň gelmeginden soň Awstraliýanyň Tasmaniýa adasynyň uzak bir burçunda täsin gara gutynyň galjakdygyny belleýärler. Bu gara guty adamzadyň soňuny nämäniň getirendigini we dünýäde bolup geçenleri geljek nesillere ýetirmek maksady bilen bina ediler.

Alymlar bu gara gutynyň üstünde ençeme wagt bäri derňew işlerini geçirýärler. Köp ýyl bäri öwrenilen gara guty, dünýäni ýok etmek ähtimallygy ýokary bolan ýadro ýaragynyň hem täsiri ýetmez ýaly görnüşde döredildi. Göni gönüburçluk hökmünde dizaýn edilen we gaty daşa meňzeýän bu gurluşyň başga bir maksady, dünýädäki bolýan zatlary seljermek we geljek nesil üçin maglumat ýygnamakdyr.

«Earth’s Black Box» – adamzadyň we Ýer planetasynyň soňuna sebäp bolýan meseleleri bitarap düşündirmegi maksat edinýär. Şeýle-de bolsa, bu taslamany peýdaly hasaplaýanlar bilen bir hatarda peýdasyz hasaplaýanlar hem az däl. Käbir alymlar planetanyň soňuny getirjek meseleleriň çözgüdini tapmaga synanyşmagyň ýerine beýleki taslamalara serişde sarp etmegi makul bilýärler. Taslamany döredijileriň pikiriçe, gara guty köptaraplaýyn habarlylygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

Gara gutynyň gurluşygynda polat we granit ulanylar. Taslama Malta, Norwegiýa we Katar ýaly döwletler hem goldaw berýär. Alymlar Awstraliýanyň Tasmaniýa adasynyň uzak bir burçuny geosyýasy we geologiki taýdan iň amatly ýer hökmünde kesgitlediler.

Aýtäç AKMÄMMEDOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň
Daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary
tygşytly peýdalanmak hünäriniň talyby.

Teswirler

Clara

I like the idea We should leave info for the next generation in case of the END of the world