Wladimir Putin: «Tebigy gazyň bahasy Türkiýedäki tebigy gaz merkezinde kesgitlener!»

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Ýewropa iberiljek tebigy gazlaryň bahasynyň esasan Türkiýede döredilmegine garaşylýan tebigy gaz merkezde kesgitlenjekdigini aýtdy.

Wideo konferensiýa arkaly geçirilen Milli Taslama we Strategiki Ösüş Geňeşine gatnaşan Putin ykdysadyýet we energetika pudagyndaky ösüşlere baha berdi. Şeýle hem Putin: «Türkiýäniň tebigy gaz infrastrukturasynyň möhüm potensialy bar. Ýakyn gelejekde dörediljek tebigy gaz merkezinde söwda üçin elektron platforma dörediler. Şunlukda, ýewropaly sarp edijiler üçin tebigy gazyň bahasy esasan merkezde kesgitlener!» – diýip belläp geçdi.

Russiýanyň esasy söwda hyzmatdaşlary bilen maddy-tehniki we maliýe çäklendirmelerini aýyrjakdygyny mälim eden Wladimir Putin: «Hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk hem giňelderis!» – diýen jümlelerini ulandy.

Çeşme: «Haber Global»

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok