Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak boýunça aşakdakylary ýatladýar!
1. Beden taýdan işjeňligi ýokarlandyrmaly we sport bilen meşgullanmaly;
2. Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly;
3. Pasyllara görä geýinmeli;
4. C witamine baý önümler bilen iýmitlenmeli;
5. Iş ýerinde we öý otaglarynda wagtal-wagtal penjireleri açyp, howanyň tämiz bolmagyny üpjün etmeli;
6. Gyzyl burç ýa-da sarymsak goşulan unaş bilen iýmitlenmeli. Sarymsak bilen burç bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän biologik işjeň maddalara baýdyr;
7. Dümewiň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly;
8. Asgyrylanda we üsgürilende, elýaglyk bilen agzyňy we burnuňy ýapmaly;
9. Elleri elmydama arassa saklamaly, onuň üçin nahardan öň we soň, hajathanadan soň, daşardan geleniňizden soň, elleriňizi sabyn bilen gowy ýuwmaly;
10. Derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmeli däl. Esasan hem bu antibakterial serişdelere degişlidir;
11. Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlaryny içmeli.
Teswirler