Şu gün ýurdumyzyň ýaş estrada aýdymçylarynyň arasynda her ýyl geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2022» atly telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň aýdym-saz studiýasynda geçirildi.
Bäsleşik Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň guramagynda geçirildi. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu bäsleşige zehinli aýdymçy ýaşlaryň jemleýji tapgyryna iň zehinlileriniň diňe 10-sy gatnaşmaga hukuk gazandy.
Bäsleşige gatnaşyjylar ýaryşyň şertine görä, iki aýdymy ýerine ýetirdiler, şolaryň birini eminleriň ýaşlaryň sesiniň arassalygyna we gözelligine, seslerine erk edip bilşini hem-de diňleýjiler bilen özara ýakyn gatnaşyklara girip biliş ukyplaryna doly derejede baha bermegi üçin sazsyz ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň netijesini meşhur sungat ussatlary hem-de tomaşaçylaryň SMS habarnamalarynyň üsti bilen iberen sesleri kesgitledi. Netijede ýaşlaryň söýgüli aýdymçysy Rüstem Hallyýew ýylyň parlak ýyldyzy boldy.
Şu gezekki «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginde ýaş aýdymçylar — 1-nji orna Bahar Annaýewa, 2-nji orna Şatlyk Gurbannazarow, 3-nji orna Seýitguly Tülegenow mynasyp boldy. Geçen ýylyň parlak ýyldyzy Begenç Çaryýew buýsanç bilen göçme kubogy bu ýylky eýesine gowşurdy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.
KAKAGELDI AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler