Ylym — ösüşleriň binýady

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy babatda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Çagalar baglary, ähli okuw mekdepleri dünýäniň iň ösen innowasiýalary bilen enjamlaşdyrylýar. Bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly nesli ýetişdirmäge uly ýardam berýär. Şonuň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş neslimiz sanly ulgam arkaly halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde öňdäki orunlara mynasyp bolýarlar.

Täze taryhy döwür jemgyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge, milli düşünjäni kemala getirmäge, halkymyzyň intellektual derejesini ýokarlandyrmaga itergi berýär. Bu döwürde Türkmenistanda bilimi ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. «Bilimli nesil – kuwwatly döwlet» diýen şygar astynda kämil şahsyýeti kemala getirmäge aýratyn üns berilýär. Okuw-tehniki enjamlar bilen üpjün edilen hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we orta mekdepleriň sany artýar. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan okuw mekdeplerinde okatmagyň täze ugurlary özleşdirilýär. Döwrüň talabyna görä bilim ulgamynda umumadamzat ruhy-ahlak gymmatlyklary, ynsanperwer däpler hem-de dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesi nazara alynýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda beden we ruhy taýdan kämil, döwrebap bilimlere we ýokary tehnologiýalara, öz intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmaga ukyply nesli terbiýelemek boýunça ylma esaslanýan düýpli işler durmuşa geçirilýär. Ähli bilim ojaklary kompýuter tehnologiýalary, multimedia tagtalary, lingafon otaglary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şeýle- de, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň zehinini ösdürmek üçin daşary ýurtlar bilen halkara hyzmatdaşlygy giňden ýola goýulýar.

Häzirki wagtda innowasion tehnologiýalaryň durmuşymyza giňden ornaşmagy bilen dünýä dillerini öwrenmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Köp dil bilmek dünýäniň dürli ýurtlary bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyň giň gerimde alnyp barylmagy, ylmyň gazananlarynyň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Köp dil bilmek babatynda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu babatda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi daşary ýurt dillerini öwrenmäge döwlet derejesinde giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň görkezdi.

Mähri TAGANGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

AyOR

;)