Türkmenistanyň baş Täze ýyl arçasynyň baýramçylyk yşyklary ýakyldy

Şu gün ýagny 15-nji dekabrda, paýtagtymyz Aşgabatda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Bu dabara, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär. Sekizburçly hem-de «2023» diýen ýazgy bilen bezelen ajaýyp ýaşyl arça «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky giň meýdançada gurnalan ertekiler şäherjiginde oturdyldy. Bu ýerde her ýyl Täze ýyl dabaralary guralýar.

Dürli öwüşgin saçýan şarlar we çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen lybasa beslenen Baş arçanyň beýikligi 38,5 metre (ýyldyzy bilen bilelikde 42), göwrümi bolsa 16 metre deňdir. Ýeri gelende aýtsak, soňky ýyllarda Aşgabatdaky Baş arça GDA ýurtlarynyň paýtagt şäherleriniň Täze ýyl arçalarynyň arasynda beýikligi boýunça birinji orny eýeläp gelýär.

Baýramçylyk görnüşinde bezelen Täze ýyl kerweniniň ýörite ugry Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygyndan badalga aldy. Soňra Aýazbaba we Garpamyk kabriolet awtomobilinden ak gar ýaly paýtuna münüp, ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ezber atly ýigitleriniň, şeýle hem ajaýyp görnüşde bezelen iki gat awtobusdaky körpeleriň ugratmagynda Täze ýyl baýramynyň öň ýanyna mahsus keşbe giren Aşgabadyň köçeleri boýunça gezelenji dowam etdiler.

Baýramçylyk kerweni «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyna geldi. Myhmanlary dürli öwüşginlere beslenen türkmen halk ertekileriniň, çagajyklaryň söýgüli multfilmleriniň gahrymanlary garşy aldylar. Täze ýyl baýramçylyk lybasyna beslenen çagalar Aýazbabany hem-de Garpamygy uly şowhun hem-de şadyýan aýdymlar bilen garşyladylar.

Soňra Aýazbabanyň jadyly taýajygynyň gudraty bilen arçanyň yşyklary ýakyldy. Dabara «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada gurnalan sahnadaky konsert bilen dowam etdi.

Çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ajaýyp sowgatlar gowşuryldy. Paýtagtymyzdaky Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylmagynyň yzysüre welaýatlarda «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançalardaky, şeýle hem ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň merkezlerindäki Täze ýyl arçalary hem öz yşyklaryny ýakdylar.

Şeýlelik-de, ýurdumyzda Täze — 2023-nji ýylyň şanyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok