Dünýädäki iň gaty material indi almaz däl!

Alymlar hromdan, kobaltdan we nikelden (CrCoNi) ýasalan metal garyndysyny derňänlerinde, haýsydyr bir materialda hasaba alnan iň ýokary berkligi (gatylygy) ölçediler.

Başgaça aýdylanda, hromdan, kobaltdan we nikelden ybarat bu garyndy göwherden has gaty we örän çeýe bolup durýar.

Lawrence Berkeley Milli barlaghanasynyň we Oak Ridge Milli barlaghanasynyň gözlegçiler toparynyň geçiren derňewine görä, material döwülmän, pes temperaturada kem-kemden gatylaşýar.

Täze üsti açylan açylan «CrCoNi» garyndysynyň gatylygy, suwuk geliý temperaturasynda (-253 dereje) her inedördül kök metre 500 megapaskal hökmünde ölçenildi. Şol bir temperaturada iň ýokary hilli poladyň berkligi 100 megapaskaldyr.

Belläp geçsek, häzire çenli arassa ugleroddan emele gelýän almaz – dünýädäki iň berk we iň gymmat materialdy. Almaz belli bir temperaturada we basyşda emele gelýär. Bu emele geliş, ýeriň gabygynyň aşagynda, ýeriň özenine ýakyn ýerde ýüze çykýar. Almazyň wulkan hereketleri we ýer titremesi bilen ýer ýüzüne çykýandygy mälimdir.

Käbir ýerlerde derýadaky çägeler bilen garyşýandygy sebäpli köp adam muny aňsatlyk bilen tapyp biler. Almaz köplenç daglardan köwlüp alynýar. Almazyn emele gelmegi, ýeriň özenine gaty ýakyn ýerde bolup geçýär. Onuň emele gelmeginiň esasy, uglerod esasly gurluşyň ýokary temperatura we basyşa täsir etmegidir.

Batyr JOMMANOW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok