14-nji dekabrda Hazaryň türkmen kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammit geçirildi.
Türkmenistan, Azerbaýjan hem-de Türkiýe hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyna eýe bolup, hyzmatdaşlygyň üçtaraplaýyn görnüşi däp bolan dostlukly, ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Olaryň geografik we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmekleri bu hyzmatdaşlygy has doly derejede amala aşyrmaga şert döredýär. Şoňa görä-de, türkmen tarapynyň başlangyjy bilen geçirilýän şu gezekki sammit aýratyn ähmiýete eýedir we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.
Üç dostlukly ýurt halkara düzümleriň çäklerinde, hususan-da, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatyna eýe bolup, şunda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň özara bähbitlere, şeýle hem sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, abadançylygy we ösüşi üpjün etmegiň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygy depginli we hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýändiklerini bellemek ýerliklidir.
Türkmenistan üçin gatnaşyklaryň taryhy asyryň köklerinden alyp gaýdýan Azerbaýjan we Türkiýe Respublikalary esasy hyzmatdaş bolup, Azerbaýjan bilen şu ýylyň 10 aýynyň jemleri boýunça iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygy bäş essä golaý artdy. Türkiýe Respublikasy bilen bolsa ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň depgininiň durnukly ösüşi saklanyp gelinýär.
Halkara energetika hyzmatdaşlygy ulgamynda Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň sazlaşykly, köp görnüşli ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler. Munuň özi köptaraply bähbitleri hasaba almak bilen, bu ulgamlaryň ugurlaryny diwersifikasiýa etmäge, olaryň işlemeginiň anyk we aýdyň ülňülerine esaslanmalydyr. Ýurdumyzyň tebigy gazyny Türkmenistandan we Azerbaýjandan Türkiýä, soňra bolsa dünýä bazarlaryna ibermekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky bilelikdäki başlangyçlarymyza jogapkär çemeleşmelidiris.
Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitiniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi, onda üç ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenilýär, geljekde hem köptaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, ählumumy we sebit derejelerinde ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýagdaýyny emele getirmek maksady bilen halkara giňişlikde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýarlyk beýan edilýär.
Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; 2023 — 2025-nji ýyllar üçin ylym, bilim we medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Çarçuwaly maksatnama; Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki konsultatiw topary döretmek barada Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Energetika babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ulaglar babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Güljemal ÇERKEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.
Teswirler