Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli göçme söwda nokatlary hereket edip başlady

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda 807 sany, Aşgabat şäherinde bolsa 14 sany göçme söwda nokatlary halkymyza hyzmat etmäge başlady.

Belläp geçsek, 25-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirlen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewe ýetip gelýän baýramçylyklar mynasybetli söwda nokatlaryny guramagy we ýurdumyzyň bazarlarynda azyk harytlarynyň bolçulygyny, olaryň bahalarynyň elýeterliligini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok