Türkmenistanda 308 raýatyň günäsi geçildi

9-njy dekabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

Mejlisde Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler baradaky hasabaty diňlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, iş kesilen 308 raýatyň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekmek bilen, günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok