Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanyldy

9-njy dekabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň daşary syýasatyna degişli wajyp meselelere garaldy.

Mejlisiň dowamynda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok