Raşid Meredow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanyldy

9-njy dekabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň daşary syýasatyna degişli wajyp meselelere garaldy.

Mejlisiň dowamynda, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, wise-premýer R.Meredowyň köp ýyllardan bäri Daşary işler ministrligine ýolbaşçylyk edip gelýändigini, onuň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary syýasatyny kämilleşdirmekde, dünýäniň dürli ýurtlary bilen döwletimiziň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda we ösdürmekde uly işleri bitirýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, ýurdumyzyň syýasy, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, daşary ýurtlarda döwletimiziň bähbitlerini goramakda gazanan uly üstünliklerini hem-de diplomatik gullugy ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetini nazara alyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýdyp, degişli resminama gol çekdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok