Katar döwletiniň Doha şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasy açylar

9-njy dekabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň daşary syýasatyna degişli wajyp meselelere garaldy.

Mejlisiň dowamynda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen – Türkmenistanyň Katar Döwletinde (Doha şäheri) ilçihanasyny açmak hakyndaky Karara gol çekdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok