Bilim biziň bagtymyz

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň berk binýadyna deňelýän ylym-bilim ulgamynda bahasyna ýetip bolmajak öňegidişlikler gazanyldy. Olaryň her biri şanly senelerden ýüküni tutan taryh sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, watansöýüji, zähmetsöýer, milli ruhda terbiýelenen kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi-de, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize peşgeş beren mizemez gymmatlygydyr.

Islendik bir ýurduň ylym-bilim ulgamynyň ösüş derejesiniň kämil nusgasynyň bolmagy onuň durmuş-ykdysady kuwwatynyň esasy görkezijisidir. Diýarymyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen innowasion özgertmeler, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary bilen doly üpjün edilen döwrebap desgalar hünär taýýarlygy ýokary derejede bolan hünärmenleriň täze neslini ýüze çykardy. Arkadagly Serdarymyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky çykyşynda belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys.

Bilimiň binýady näçe berk bolsa, şol ýurduň geljegi hem şonça röwşen bolýar. Ýurdumyzda gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň döwrebap nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, ylym-bilim ulgamyny kämil derejelere ýetirmek wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şu wezipelerden ugur alyp, biz hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň agzybir talyp ýaşlary bolup, okuw meýilnamasyna laýyklykda, paýtagtymyzdaky ähli amatlyklary bolan umumybilim berýän orta mekdeplerde mugallymçylyk tejribeligini geçýäris. Bu bolsa biz talyp ýaşlaryň çuň aň-bilimli, medeniýetli, kämil hünärmenler bolup ýetişmegimize uly mümkinçilik döredýär we belent maksatlara ruhlandyrýar.

Goý, döwrebap ylym-bilim özgertmeleri bilen ýurdumyzy ösüşlere, beýik ýeňişlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Dünýägözel HEBBIKULIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok