15-nji dekabrda Aşgabatdaky Baş arçanyň yşyklary ýakylar

Häzirki wagtda paýtagtymyzdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Baş arçany gurnamak we bezemek işleri dowam edýär. Bu ýyl onuň beýikligi üstündäki ýyldyzy bilen bilelikde 42, diametri 16, diňe öz beýikligi 38,5 metr bolar.

15-nji dekabrda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we paýtagtyň myhmanlarynyň öňünde Baş arçanyň baýramçylyk yşyklary ýakylar we ýurdumyzda geçiriljek täze ýyl çärelerine badalga beriler.

Belläp geçsek, ýurdumyzyň Baş arçasy öňki ýyllardaky ýaly GDA agza döwletlerindäki dikilen arçalaryň içinde iň belendi bolar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok