«Ýiten top» atly täze 3D multfilmi çykdy!

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli çagalar üçin täze 3D multfilmini taýýarlady. 4 ýaşdan uly çagalara niýetlenen bu multiplikasion film «Mämmetjanyň başdan geçirmeleriniň» dowamy bolup durýar.

Multiplikasion filmiň režissýory Röwşen Welmiýew: « – Multfilm Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli çagalar üçin ajaýyp sowgat bolar hem-de olaryň göwünlerine ýarar diýen umytda» – diýip, belläp geçýär.

Täze 3D multfilmini Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň saýtynda tomaşa edip bilersiňiz! Ýakyn wagtda multfilm milli telewideniýede hem halka görkeziler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok