“Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly ylmy-amaly makala bäsleşiginiň jemi jemlendi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň  “Demokratiýa we hukuk”  žurnalynda yglan eden  “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly ylmy-amaly makala bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.

Bäsleşikde birinji orna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Dürli Ballyýewa, ikinji orna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Jenaýat-hukuk dersleri kafedrasynyň mugallymy Döwran Karajaýew, üçünji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Raýat hukugy kafedrasynyň aspiranty Mähri Synykowa eýe boldular.

Olara hormat hatlary hem-de sowgatlary gowşurmak dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Mejlisler zalynda geçirildi.

Kadyrmyrat Öwezgylyjow,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
 Halkara gatnaşyklary institutynyň 
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok