Ýaşa, Bitarap Watan, Arkadagly Serdar bilen!

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda syýasy ulgamyň işjeňligini, onuň amala aşyrýan gündelik işleriniň döwrebaplygyny ýokarlandyrmaga, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmaga uly üns berilýär. Bu gün dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, ata Watanymyz demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak, döwrüň ösen talaplaryna kybap alyp barmak babatynda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Eziz Diýarymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga tarap alnan ugur dünýä nusgalyk derejä göterilýär.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýurdumyza hemişelik Bitaraplygyň berilmegi bütin dünýä ýaň salan taryhy waka boldy hem-de eziz Diýarymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şol günden bäri geçen döwrüň içinde eziz Diýarymyz hoşniýetli döwletara gatnaşyklaryna daýanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty alyp barýan döwlet hökmünde tanaldy.  

Bitaraplyk bize asudalykda, agzybirlikde erkana ýaşamaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge giň mümkinçilik açdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň paýhasly başlangyçlary netijesinde bitaraplyk taglymaty täze çemeleşmeler, öwüşginler bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň dünýäde we sebitde parahatçylygy pugtalandyrmak hem-de özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda alyp barýan işleri halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýar.

Bitaraplyk biziň buýsanjymyzdyr, bagtymyzdyr, ajaýyp gymmatlykdyr. Ol her bir türkmeniň, her bir türkmenistanlynyň ykbalyna, durmuşyna şuglasyny saçyp, ruhuny belende göterýär, geljege ynamyny artdyryp, has-da buýsançly ýaşamaga, hyjuwly işlemäge, asuda, abadan durmuşyň hatyrasyna zehiniňi, güýç-gaýratyňy orta goýup döretmäge, gurmaga joşgun berýär.

Goý, dünýäde barha rowaçlanýan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýy mundan beýläk-de belende galsyn!

Oguljeren TAGANDURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
«Psihologiýa-pedagogiki bilimi»
ugry boýunça magistranty.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok