Witamin çeşmesi bolan «awokado» barada

Adam saglygy üçin peýdalaryny sanap gutaryp bolmaýan awokado örän lezzetli bolmak bilen onuň düzüminde süýüm, ýaglaryň birnäçe görnüşi, magniý, kaliý we C, E, K, B6, B2, B3, B5 ýaly witaminler bar. Awokadonyň watany Meksika hasaplanylýar. Ol ilki Meksikada ösdürilip, soňra bolsa bütin dünýä ýaýraýar.

Awokado ylmy dilde «Persea Americana» diýlip atlandyrylýar. Awokado aýratynam tropiki howa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň birnäçe görnüşi bar. Bu miwe ýaşyl wagty toplanyp, birnäçe wagtdan soň bişýär. Bişendigini daşyndan elläniňde ýumşaklygy bilen bilip bolýar.

Awakado beýleki miweler bilen deňeşdirilende ýaglara örän baý miwedir. Ondaky antioksidantlaryň köp bolmagy immunitet ulgamyny pugtalandyrýar.

Awakado süýümiň çeşmesi bolup onda şeker diýseň az. Ortaça bir awokado takmynan 250 kaloriýa bolup, şol kaloriýalaryň 75% -den gowragy ýaglardan düzülen. Süýümli gurluşy bilen awakado dok saklaýar.

Awokadonyň peýdalary:

  • Göwrelilik döwründe möhüm iýmit goldawyny berýär;
  • Ýürek keseline sebäp bolup biljek töwekgelçilikleri aradan aýyrýar;
  • Semizlikden taplanmaga kömek edýär;
  • Antioksidantlaryň baý çeşmesi;
  • Derini ýalpyldadýar;
  • Göz üçin gaty peýdaly;
  • Süňkleri berkidýär;
  • Gan basyşyny kadalaşdyrýar;
  • Düwnük keselini peseldýär;

Mekan ANNABERDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok