Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de işjeň halkara gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty dünýäniň köp sanly döwletleri bilen özara bähbitli, deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge kuwwatly itergi berýär. Şunda ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çalt depginlerde goşulyşmagy üçin geosyýasy, ykdysady, serişde we adam kuwwatlyklarynyň doly derejede peýdalanylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.
Türkmenistan Watanymyz dünýäde dostlukly, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklaryň tarapdary bolup çykyş edýär. Şonuň netijesinde ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak kadalaryny has-da öňe sürýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly ýörite Kararnama kabul edildi. Şeýlelikde, döwletimiz halkara bileleşigiň bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalaryna gönükdirilen daşary syýasat ýoluna ygrarly boldy.
Özygtyýarlylygyna eýe bolandan soň döwletimiz ýurtda parahatçylygy, agzybirligi, jemgyýetçilik bitewiligini üpjün etmäge gönükdirilen döwlet-hukuk gurluşyny işläp düzmek we durmuşa ornaşdyrmak, ösen ykdysadyýeti, kuwwatly senagaty, adam üçin mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertlerini gazanmak, demokratik jemgyýeti, döwletiň howpsuzlygyny we dünýä bileleşigine syýasy-ykdysady taýdan deňhukukly, çalt we netijeli goşulmagyny üpjün etmek ýaly iňňän möhüm meseleleri üstünlikli çözmegi başardy. Munuň bilen birlikde Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna eýe bolmak ýoluny-da saýlap aldy.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagy döwletimiziň ynsanperwerlige we parahatçylyksöýüjilige ýugrulan daşary syýasatyny barha dabaralandyrdy. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklary saklamaga gönükdirilen ýörelgeleri söwda-ykdysady, saglygy goraýyş we sport, medeni-gumanitar ugurlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine giň we netijeli ýollary açdy. Ol ýollar we ählumumy maksatlar bolsa ata Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynyň esasy şerti boldy.
Goý, merdana halkymyzyň mertebesiniň has-da belende göterilmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Şemşat BAÝLYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
«Psihologiýa-pedagogiki bilimi»
ugry boýunça magistranty.
Teswirler