Golaýda, Dagystanyň Mahaçkala şäheriniň Kirowsk etrabynda, Nebit bazasyndan Sulak derýasynyň agzyna çenli bölekde 700-e golaý ölen Hazar düwlenleri tapyldy. Munuň sebäbini anyklamak üçin häzirki wagtda Demirgazyk-Kawkaz çäk müdirliginiň ýerli hünärmenleri, tutuş respublikanyň çägindäki deňiz ýakalarynda barlag geçirmegi dowam edýärler, maglumatlary ýygnaýarlar, şol sanda barlaghana işlerini geçirýärler.
Şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Gazagystanda Hazaryň kenarýakasynda 130-dan gowrak seýrek duşýan Hazar nerpleriniň üstünden baryldy. Şol wagta çenli düwlenleriň köpçülikleýin ölmegi 2021-nji ýylda bolup geçdi. Şonda düwlenleriň 150-den gowragy tapyldy.
– Ýöne näme üçindir, Hazar deňziniň ýeke-täk süýdemdirijisi bolan düwlenleriň tebigy duşmanlary ýok bolsa-da olar köpçülikleýin ölýärler?!
Bu barada Dagystan Respublikasynyň Tebigy baýlyklar ministrligi – Hazar düwlenleriniň köpçülikleýin gyrylmagynyň esasy sebäbiniň Hazar deňzine adam täsirleri bilen baglanyşykly bolmadyk «tebigy sebäpleriň» ýagny uzak wagtlap dowam edýän gomlaryň (tolkunlaryň) sebäp bolýandygyny belleýärler. Mundan öň bolsa bu jandarlaryň köpçülikleýin gyrylmagyna zäherlenmäniň sebäp bolandygy öňe sürülýärdi. Ýöne geçirilen laboratoriýa barlaglary muny ýalana çykardy. Häzirki wagtda, Hazar düwlenleriniň sany takmynan 70-300 müň töweregi bolup durýar.
Belläp geçsek, ýurdumyzda Hazar düwlenleri Gyzyl kitaba girizilendir.
Atajan EÝÝUPOW.
Teswirler