Beýik maksatly işler rowaçlanýar

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dünýä ýaýylýar. Türkmen halkyny röwşen geljege sary alyp barýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik ösüşler gazanylýar, uly-uly üstünliklere ýetilýär. Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda nesillerden-nesillere geçip gelýän däp-dessurlaryny, parahatçylyk, dost-doganlyk ýaly asylly ýol-ýörelgelerini dünýä nusgalyk derejede kämilleşdirmek bilen, Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz dünýäde dostlugyň mekanyna öwrüldi. Parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan ýurdumyz özüniň amatly geosyýasy we geoykdysady kuwwatyny umumadamzat bähbitlerine hem-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirýär.

Şu ýyl ýurdumyz dünýä bileleşigi bilen bilelikde, Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 27 ýyllygyny giňden belläp geçer. Bu halkymyz üçin, hakykatdan-da, möhüm waka, türkmen döwletiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak sene, ýurdumyzyň daşary syýasatyndaky ýetilen belent sepgitdir. Ine, şeýle gysga döwrüň içinde Türkmenistan hoşniýetli Bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, halkara giňişliginde dünýä döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli, geljegi uly bolan hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Häzirki döwürde hem ýurdumyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tarapdary bolmak bilen, halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary öňe sürýär hem-de olary durmuşa geçirýär. Iş ýüzünde amala aşyrylýan şeýle daşary syýasat netijesinde ýurdumyz dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeldýär we ösdürýär.

Hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk, abadançylyk ýörelgeleri Watanymyzyň ynsanperwer daşary syýasy başlangyçlary bilen dünýä dolýar. Ata Watanymyz Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygyň pugtalanmagyny we adamzat jemgyýetiniň, durmuşynyň aýdyňlaşmagy ugrundaky syýasatyny alyp barýar. Ol sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edildi we bu ugurda goňşy Owganystanyň halkyna ynsanperwer kömegini edip gelýär. Ine, munuň özi ata Watanymyzyň Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň netijesidir.

Goý, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan, parahatçylygyň, agzybirligiň, jebisligiň Ýer ýüzünde dabaralanmagy üçin beýik başlangyçlary öňe sürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

Aýgül GARATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok