Türkmen-Gruzin diplomatik gatnaşygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýörite konsert

Ýakynda Gruziýanyň ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Aşgabat şäherinde gurnalan, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Döwlet simfoniki orkestriniň ýolbaşçysy Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmeginde Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde baýramçylyk konserti geçirildi.

Aýdym-saz agşamynda nusgawy, halk we estrada gruziýa kompozisiýalary, şeýle hem dünýäde gruziýa awtorlarynyň iň meşhur aýdymlary ýaňlandy. Diňleýjiler milli baýramçylygyň howasyna girip, meşhur türkmen aýdymçylary Maýsa Niýazowa we Mansur Şaripowyň ýerine ýetiren liriki we joşgunly aýdymlary bilen halk döredijiliginiň ajaýyp sazlaryndan lezzet aldylar.

Iň meşhur gruziýa aýdymlarynyň biri Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherine bolan söýgini beýan edýän – “Tbiliso” aýdymyny ýerine ýetirdiler. Bu eseriň awtory tanymal gruziýa kompozitory Rewaz Lagidze. Sözleri – Bagrationlar öýüniň baştutany we soňky gruziýa şasy Georgiý XII neslinden bolan şahyr, ssenarist we kino aktýory Pýotr Gruzinskiý. Ilkinji gezek bu eser 1959-njy ýylda Tbilisiniň 1500-ýyllygyna bagyşlanan kinofilmde ýaňlandy.

Gruziýanyň “Iweriýa” toparynyň meşhur “Argo” aýdymy hem türkmen sahnasynda ýerine ýetirildi. Bu kompozisiýa argonawtlara we altyn ýüň gözlegindäki edermenligine bagyşlanýar. Onuň ýerine ýetirilişiniň köp sanly aranžirowkalary we wariasiýalary bar. Dürli döwürlerde bu eseri Soso Pawliaşwili, Diana Gurskaýa, MEZZO wokal topary, Tamara Gwersiteli we başgalar ýerine ýetirdiler.

 Konsert programmasynda şeýle hem köpsanly gyzykly ýerine ýetirilişikler, “Мимино” we “Кин-Дза-Дза!” ýaly kinofilmlerinde sazlar ýaňlandy.

Sazandalar beýik ussatlaryň öz eserlerine siňdiren inçe duýgularyny diňleýjilere ussatlyk bilen ýetirdiler. Yzygiderli ýaňlanan dürli görnüşdäki sazlar, ýatdan çykmajak baýramçylyk pursadyny emele getirdi.

Dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.

Güljemal DURDYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk”  hünäriniň IV ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok