Eýran «Karun» atly täze ýadro elektrik stansiýasynyň gurluşygyna başlady

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Muhammet Islami, ýurduň günorta-günbatar böleginiň Huzestan welaýatynda «Karun» atly täze ýadro elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň başlandygyny habar berdi.

Muhammet Islami: «Bu ýadro desgasy arkaly, ýurduň elektrik energiýasynyň 20 göterimini ýadro energiýasyndan garşylarys. Geljekde, hil we arzan energiýa üçin täze ýadro desgalaryny ösdürmäge hem ähmiýet bereris» – diýip, belläp geçdi.

Karun» atly täze ýadro elektrik stansiýasy 8 ýylda gurlar, we 300 megawat energiýa öndürer. Taslamanyň takmynan 2 milliard dollar töweregi bolmagyna garaşylýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok