Babadaýhan etrabyndan okuwçy Ysmaýyl Ataýew «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly bäsleşikde Babadaýhan etrabynyñ 17-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçy Ysmaýyl Ataýew etrap, welaýat we döwlet derejesinde hem yzly-yzyna birinji mynasyp bolmagy başardy.

Ýaş suratkeş Ysmaýyl Ataýew suratda parahatçylygyň nyşany bolan kepderiniň bir ganatynda BMG-nyñ baýdagy, beýleki ganatynda döwlet baýdagymyzyň suratynda ýurduň ösüşleri giňişleýin beýan edilýär.

Bäsleşik Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň,Bilim ministrliginiň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda umumy bilim berýän mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirildi.

Ysmaýyl Ataýewiň bu bäsleşige gatnaşmaga we taýýarlyk görmekde onuň mugallymy Uzukjemal Amanowa uly goşant goşdy. Häzirki wagtda Babadaýhan etrabynyň Akwekil obasynyň 18-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup zähmet çekýän Uzukjemal Amanowa ýaşlaryň köpugurly ýetişmekleri ugrunda jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok