Türkmenistanyň, Türkiýäniň şeýle-de Azerbaýjanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçiriljek üçtaraplaýyn Awaza sammiti 13-14-nji dekabr aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.
Awaza sammitini geçirmek baradaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti 3-nji dekabrda gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine Daşary işler ministrligi bilen bilelikde ýokary derejeli üçtaraplaýyn sammit geçirmek tabşyryldy.
Sammitiň dowamynda möhüm şertnamalaryň birnäçesine gol çekilmegine garaşylýar. Şeýle hem üçtaraplaýyn duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanda energetika, ulag we daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler.
Teswirler