Ýyldyz senenamasynyň «garagyş» döwri. Howalar sowaýar!

Ýyldyz senenamasyna görä, gyş pasly noýabryň 23-ünden fewralyň 21-ine çenli dowam edýär. Ýöne ata-babalarymyz gyş paslyny dört döwre bölüpdirler: garagyş (23.XI – 7.XII) gyşyň başlangyjy, uly çille (8.XII – 16.I) gyşyň örküji, kiçi çille (17.I – 5.II) we ahyrky garagyş (6.II – 21.II). Olar jemi 90 güne deň bolup, bu döwürler ýagty ýyldyzlaryň dogýan we ýaşýan wagty bilen baglydyr.

Ýyldyz senenamasynyň dowamlylygy ýurdumyzyň hemme ýerinde birmeňzeş däldir. Şol sebäpli hem öňümizdäki günler howanyň has sowuk bolmagyna garaşylýar.

Ildeşlerimize ýyly geýinmekligi, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmegi, dogry we kadaly iýmitlenmegi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, limonly çaý, bally süýt, mineral suw, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary günüň dowamynda içmegi maslahat berýäris!

«InAshgabat» redaksiýasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok