Welaýatlarda türkmen estrada ýyldyzlary konsert berer

Ýurdymyzyň ähli welaýatlarynda şeýle-de Aşgabat şäherinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli türkmen estrada ýyldyzlary uly konsertleri bererler.

Aşgabatdaky konsertler 4-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler. Başlanýan wagty sagat 14:00-da we 17:00-da.

Sahnada Mähri Pirgulyýewa, Parahat Amandurdyýew, Guwanç Ýazmuhammedow, Durdy Durdyýew we Begenç Çaryýew dagy çykyş ederler. Aýdym-sazly çykyşlaryň arasynda Oguljan Bekiýewa, Gülşat Meňliýewa, Amangül Mämmetýazowa gülküli degişmeleri ýerine ýetirerler.

Maglumat üçin Aşgabatdaky telefonlar: 94-10-76, 48-96-83.

Ahal welaýatyndaky konsertler 5-nji dekabrda Nowruz ýaýlasynda Türkmeniň Ak öýi binasynda geçiriler. Başlanýan wagty sagat 14:00-da we 17:00-da.

Sahnada Rahman Hudaýberdiýew, Aly Alyýew, Jahan Tagyýewa, Gözel Öwezowa, Nurýagdy Rejepow dagy çykyş ederler. Aýdym-sazlyçykyşlaryň arasynda Oguljan Bekiýewa, Gülşat Meňliýewa gülküli degişmeleri ýerine ýetirerler.

Maglumat üçin Ahal welaýatyndaky telefonlar: 8 137 33-3-38, 57-45-06.

Mary welaýatyndaky konsertler 7-nji dekabrda Türkmeniň Ak öýi binasynda geçiriler. Başlanýan wagty sagat 14:00-da we 17:00-da.

Sahnada Azat Dönmezow, Mähri Pirgulyýewa, Gülşirin Öwezmämmedowa, Aman Kadyrow, Ahmet Atajanow dagy çykyş ederler. Gülkili degişmeleriTäçmämmet Amangulyýew, Rahat Baýramow, Döwletgeldi Atageldiýew ýerine ýetirerler.

Maglumat üçin Mary welaýatyndaky telefonlar: 8 522 7-10-55, 8 522 7-10-74.

Lebap welaýatyndaky konsertler 9-njy dekabrda Türkmeniň Ak öýi binasynda geçiriler. Başlanýan wagty sagat 14:00-da we 17:00-da.

Sahnada Gülşat Gurdowa, Pöwrize Gulamowa, Parahat Pürjäýew, Çynar Jumaýewa, Eldar Ahmedowdagy çykyş ederler. Gülküli degişmeleri bilen Aşyr Gurbanow we Aşyrmuhammet Amanmyradow sahnada çykyş ederler.

Maglumat üçin Lebap welaýatyndaky telefonlar: 8 422 6-06-40, 8 422 6-01-10.

Daşoguz welaýatyndaky konsertler 5-nji dekabrda Türkmeniň Ak öýi binasynda geçiriler. Başlanýan wagty sagat 14:00-da we 17:00-da.

Sahnada Züleýha Kakaýewa, Ahmet Atajanow, Gurbangeldi Ataýew, Dilber Rahmanowa, Begmyrat Annamyradow dagy çykyş ederler. Gülküli degişmeleri Çagyruly Hommadow, Gülşat Tahyrowa, Haýtmyrat Durdyýew, Aşyr Mämmedow ýerine ýetirerler.

Maglumat üçin Daşoguz welaýatyndaky telefonlar: 8 322 9-28-79, 8 322 9-41-16, 8 322 9-13-27.

Balkan welaýatynda konsertler 5-nji dekabrda Türkmeniň Ak öýi binasynda geçiriler. Başlanýan wagty sagat 14:00-da we 17:00-da.

Sahnada Söhbet Kasymow, Rüstem Hallyýew, Begenç Çaryýew, Sahydursun Hojakowa, Perhat Ataýew dagy çykyş ederler. Gülküli degişmeleri bilen Öwezmuhammet Meredow we Annagylyç Çaryýew sahnada çykyş ederler.

Maglumat üçin Balkan welaýatyndaky telefonlar: 8 222 7-07-87.

Çeşme: «Orient news»

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok