Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasy döredildi

2-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasynyň işi barada hasabat berdi. Bu gurama «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda döredildi. Onuň esasy maksady raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukugynyň üpjün edilmegine gatnaşmakdan, bu ugurda alnyp barylýan işler boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekden ybarat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde bu gurama milli saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegini, ýola goýulýan lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyny we ýokary derejeli lukmanlaryň taýýarlanylmagyny öz içine alýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik maksatlaryny we wajyp wezipelerini durmuşa geçirmekde jemgyýetçilik guramalaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp ugurlaryna ünsi çekip, wise-premýere ýurdumyzda amaly we ylmy lukmançylygyň işiniň kämilleşdirilmegine goldaw bermek üçin döredilen bu guramanyň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok