Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi

ÝUNESKO-nyň hökümetara komitetiniň Marokko Patyşalygynyň paýtagtynda geçirilen 17-nji mejlisinde kabul edilen karara laýyklykda, Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Mälim bolşy ýaly, älemgoşar öwüşginli güllere beslenen türkmen sährasyny ýadyňa salýan nepis keşdelerimiz öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Milli keşdeçilik sungaty mähriban käbelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň söýgüsinden kemala gelen milli gymmatlyklarymyzyň biridir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok