Notre Dame Uniwersitetinde zähmet çekýän iki sany alym, Günorta Koreýadaky Kyung Hee uniwersiteti bilen bilelikde kwant hasaplamasynyň kömegi bilen Günüň gyzgynlygynyň öňüni alyp bilýän aýna ýasady. Alymlar, «ACS Energy Levels» neşirinde çap edilen netijelere görä, bu aýna daşardan gelýän ýagtylygy geçirip, gyzgynlygy bolsa yzyna serpikdirýär. Aýna dürli synagdan geçirildi we içerdäki temperaturany ýokarlandyrmaýandygy subut edildi. Alymlar bu aýnanyň kömegi bilen binalary sowatmak üçin çykarylýan çykdajylary ep-esli azaldyp boljakdygyny aýdýarlar.
Halkara Energetika Guramasynyň habaryna görä, dünýädäki binalaryň energiýa çykdajylarynyň 20 göterimini kondisionerler we howalandyryjylar düzýär. Şu wezipeden ugur alyp, bu meselede iň oňat materialy tapmak üçin alymlar kwant hasaplamasyndan peýdalandylar. Häzirki wagtda hatda iň ösen nusgawy superkompýuterler hem hasaplamalary ýerine ýetirmek üçin ikilik san ulgamyny ulanýarlar.
Alymlar ýylylygyň optimal derejede peselmegi we ýagtylygyň göni içerik geçmegi üçin materiallar takyk düzdüler. Täze açyşda, kwant maglumat tehnologiýalary birleşdirildi we netijeler ösen modeller sekundyň içinde synag edildi. Amalyň netijesinde mümkin bolan garyndylaryň we material kombinasiýalarynyň hemmesi diýen ýaly derňeldi we iň gowusy ýüze çykaryldy.
Netijede, daşardan gelýän ýagtylygy geçirip, gyzgynlygy bolsa yzyna serpikdirýän aýna ýasamak başartdy. Alymlar bu aýnanyň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaldyp biljekdigine, howanyň üýtgemeginiň getirip biljek iň erbet ýagdaýlaryny peseltjekdigine ynanýarlar.
Jahangir RUSLANOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.
Teswirler