BMG: «2023-nji ýylda 51,5 milliard dollarlyk ynsanperwerlik kömegi gerek bolar!»

Birleşen Milletler Guramasynyň Global ynsanperwerlik kömegi taslamasy 2023-nji ýylda bütindünýäde kömege mätäçlik çekjek adamlaryň sanynyň şu ýyl bilen deňeşdirilende 65 million köpelmegine we jemi 69 ýurtda takmynan 339 milliona ýetmegine garaşylýandygyny mälim etdi.

Şeýlelikde, BMG-niň Global ynsanperwerlik kömegi taslamasynyň 2023-nji ýylda ynsanperwerlik kömegi üçin zerur bolan serişdäniň 25 göterim ýokarlanyp, 51,5 milliard dollara ýetjekdigi mälim edildi.

Hasabatda dünýädäki bolup geçýän ýaramaz wakalaryň mätäçlik çekýän adamlaryň sanynyň köpelmegine getirýändigi we häzirki wagtda 37 ýurtda takmynan 45 million adamyň açlyk we suwsuzlyk bilen göreşýändigini belläp geçdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň ynsanperwerlik kömek meseleleri boýunça jogapkäri Martin Griffiths, gazna üçin geljek ýyl 51,5 milliard dollardan gowrak serişdäniň gerekdigini we kömek üçin maksatnama goldaw berilmegini haýyş etdi.

Belläp geçsek, şu ýyl Afrikadaky gurakçylyk, Pakistandaky suw joşmalary, tebigy betbagtçylyklar şeýle-de dünýädäki ýaramaz wakalar ynsanperwerlik zerurlygynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Ogulşirin ÖWEZGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok