Ependiniň şorta sözlerini aýtmak däbi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi

ÝUNESKO-nyň hökümetara komitetiniň Marokko Patyşalygynyň paýtagtynda geçirilen 17-nji mejlisinde kabul edilen karara laýyklykda, Türki dilli ýurtlarda meşhur bolan Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini aýtmak däbi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

«Nasreddin Hoja/Molla Nesreddin/ Molla Ependi/ Ependi/ Ependiniň şorta sözlerini aýtmak däbi» Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkiýe we Özbegistan tarapyndan bilelikde hödürlenilip, bu hödürnama kabul edildi. Netijede, Ependiniň şorta sözlerini aýtmak däbi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok