«Ýylyň şahsyýetine» dalaşgärler belli boldy!

«Time» žurnaly 1927-nji ýyldan bäri her ýyl «Ýylyň şahsyýetini» saýlamak üçin ses berişligiň başlanandygyny mälim edýär. Bu ýyl ses berişlikde 60 adam bäsleşer. Olaryň arasynda Elon Musk, Jeff Bezos, Tom Cruise, BTS ýaly meşhurlar şeýle hem Eýrandaky zenan tankytçylar bar. Ýöne okyjylaryň ses bermegi saýlawlara täsir etmeýär. Iň soňky karar, «Time» žurnalynyň redaktorlary tarapyndan kabul edilýär.

Sanawda 2021-nji ýylda «Ýylyň şahsyýeti» diýlip saýlanan Elon Musk, şeýle hem Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenski we Angliýanyň premýer-ministri Rishi Sunak bar.

Sanawyň başynda ilkinji orunda Eýrandaky zenan tankytçylar soňra bolsa – ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Trump, meşhur aýdymçy – Beyonce, Amazon-yň esaslandyryjysy – Jeff Bezos, daşky gurşaw tankytçysy – Greta Thunberg, YouTuber – MrBeast ýaly meşhurlar bar.

Atajan Eýýupow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok