IŇLIS DILINI ÖWRETMEKDE SANLY BILIM SERIŞDELERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamy sanly tehnologiýalaryň ösüşleri bilen batly galkynýar. Bagtyýar döwrümiziň bagtly ýaşlaryna berilýän bilimiň hem terbiýäniň hil derejesini milli ýörelgelerimize we dünýä tejribesine daýanyp kämilleşdirmek boýunça möhüm ädimler ädilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, milli ýörelgeler esasynda terbiýelenmegi üçin ähli şertler döredilip, ylym-bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda dil bilimine hem uly üns berlip, daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmek maksady bilen alnyp barylýan köp sanly işler bu günki gün özüniň ajaýyp miwesini berýär. Arkadagly Serdarymyzyň badalga bermeginde ýurdumyzda ençeme dil merkezleri, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdepler hereket edýär, ýokary okuw jaýlarynda hem dilçi hünärmenler taýýarlanylýar. Bu bolsa döwrebap bilimlerden habarly bolan hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelmegi bilen birlikde, berkarar Watanymyzyň halkara abraýynyň belent derejelere çykmagynda, halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem pugtalanmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Täze Galkynyşyň bady bilen rowaçlanýan berkarar ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bilen bir hatarda, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» hem giň gerimde durmuşa geçirilýär. Sanly tehnologiýalaryň, dünýä ylmynyň soňky gazananlaryny netijeli ornaşdyrmakda we ele almakda dil bilmegiň zerurlygy möhümdir. Ýurdumyzda hereket edýän bilim edaralarynyň ählisinde daşary ýurt dilleri, şol sanda iňlis dili çuňlaşdyryp öwredilýär. Iňlis dilini çuňlaşdyryp öwretmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasaty ýaşlaryň bu dilde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilim almaklaryna gönükdirilendir. Iňlis dili sapagynda häzirki döwrüň kämil usulyýeti ýokary derejede ulanylyp, onda ösen tehnologiýalar, akylly enjamlar, kompýuter programmalary, audio we wideo ýazgylar işjeň peýdalanylýar. Şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berk ýola goýlup, bilim bermek, dil öwretmek boýunça özara tejribeler alşylýar. Ählumumy ykdysadyýete üstünlikli goşulyşmakda, milletara hyzmatdaşlyklary alyp barmakda möhüm görkeziji bolan iňlis dilini öwretmekligi sanly serişdeler arkaly ýola goýmak döwrüň esasy talaplarynyň biridir. Çünki dil öwrenmek dünýä çykmagyň baş şerti hökmünde täze mümkinçilikleriň gözbaşydyr.

Bagtyýarlykdan hem ösüşlerden nurlanyp, öňe barýan eziz Watanymyzda türkmen ýaşlarynyň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly, daşary ýurt dillerini suwara bilýän, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il bähbitli köpugurly döwlet syýasatynda üstünlikler hem rowaçlyklar ýar bolsun!

Madina PARDAÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok